“Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýeti 2006-njy ýylyň 26-njy awgustynda döredilip, sentýabr aýynda öz işine başlady. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alyp hojalyk jemgyýeti öz işini, täze iş ýerleri döretmek, alynyp barylýan gurluşyk-gurnama işlerinde Türkmenistanda öndürilen önümleri ulanmak maksady bilen, “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýeti öz bazasynda döwlet standartlaryna gabat gelýän alýuminden we alýumin ergininden gurluşyk gurnamalaryň we önümleriň öndürilişi, agaçdan gapylaryň we penjire bloklarynyň önümçiligi, poliwinilhloridden penjireleriň we gapylaryň, witražlaryň önümçiligini, beton diwar bloklarynyň öndürilişi ýola goýuldy.
beýikligi 5 gata çenli jaýlaryň umumy gurluşygy
raýat inženerçilik işleriniň gurluşygy ( daşky we içgi kommunikasiýalaryň ulgamlaryny gurnamak )
öýleri , ýaşaýyş jaýlary , ulag jaýlary we beýleki gurluşyklary gurnama , gurluşyk abatlandyrma işleri
alýuminden we alýumin ergininden gurluşyk gurnamalaryň we önümleriň ( aýnalaryň , gapylaryň we wiražlaryň ) öndürilişi
ýol gurluşygy (III-IY kategoriýa)
agaçdan gurluşyk düzümleri we bölekleriň ( aşhana we ofis mebeliniň , aýnalaryň we gapylaryň ) öndürilişi
plastmassadan gurluşykda ulanylýan önümleriň ( aýnalaryň , gapylaryň we wirtažlaryň ) öndürilişi
diwar bloklarynyň öndürilişi
gurluşyk tehnikasyny kärendesine bermek
2006-njy ýyldan bäri kärhana Türkmenistanyň gurluşyk gurnama , hem-de plastmassadan gurluşykda ulanylýan önümleriň we alýuminden hem-de alýumin ergininden gurluşyk gurnamalaryň we önümleriniň öndürişi bazarynda işlerini rowaçly alyp barýar. Häzirki wagtda “ Ajaýyp bina ” hojalyk jemgyýeti plastikden ýasalýan aýnalaryň esasy taýýarlaýjylarynyň biri bolup durýar. HK-nyň gurluşyk syýasaty üstünlikli saýlap almakda uly mümkinçilikleri bermekde , şertnamanyň şertlerine we hyzmatdaşlaryň talaplaryna indiwidual garamakda bolup durýar. “ Ajaýyp bina ” hojalyk jemgyýeti işinde öňdebaryjy ýewropa tehnologiýalarynyň tejribesini ulanyp her ýyl hödür edýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltýär.