“Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýeti 2006-njy ýylyň 26-njy awgustynda döredilip, sentýabr aýynda öz işine başlady. Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň tabşyryklaryndan ugur alyp hojalyk jemgyýeti öz işini, täze iş ýerleri döretmek, alynyp barylýan gurluşyk-gurnama işlerinde Türkmenistanda öndürilen önümleri ulanmak maksady bilen, “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýeti döwlet standartlaryna gabat gelýän alýuminden we alýumin ergininden gurluşyk gurnamalaryň we önümleriň öndürilişi, agaçdan gapylaryň we penjire bloklarynyň önümçiligi, poliwinilhloridden penjireleriň we gapylaryň, witražlaryň önümçiligini, beton diwar bloklarynyň öndürilişi ýola goýuldy.
Hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan № 1-22-25-6993 2019-njy ýylyň 30-njy iýulyndaky Ygtyýarnama esasynda jaýlaryň umumy gurluşygy işleri ( raýat gurluşygy , şol sanda senagat gurluşygy , jaýlaryň umummy gurluşygy , beýikligi 12 gata çenlini , toprak bilen geçirilýän ýörite işleri ýerine ýetirýär. Hojalyk jemgyýeti tarapyndan, döredilen gününden başlap, baş potratçy we kömekçi potratçy bolup ençeme binalaryň durkuny täzelemek we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirildi. “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2021-nji ýylyň 1-nji iýuna çenli jemi 49 desga boýunça gurluşyk-gurnama we abatlaýyş işlerini ýerine ýetirildi.